«Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» halkara ylmy-amaly maslahaty

TDBGI


2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 6-njy noýabrynda ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüş depginini güýçlendirmek we ekologiýa abadançylygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gurnamagynda Hasyl toýy mynasybetli sanly ulgam arkaly “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.


TDBGI


Sanly ulgam arkaly geçirilen halkara maslahata ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary onlaýn görnüşde gatnaşdylar.


TDBGI


Bu geçirilen halkara ylmy-amaly maslahaty Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň hereketlendiriji güýji bolan ylym, bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir.


TDBGI


Gulnar TEKAEWA
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny
Ylym bölümiriň baş hünärmeni