Dünýä çempionatynyň bürünç medaly: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby dünýäniň iň güýçli samboçylarynyň hatarynda!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kompýuter tehnologiýalary we awtomatika fakultetiniň talyby Gurbanaý Gurbanowa sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp bolup, halkara sport meýdançasynda ýokary netijäni gazandy.

2026-njy ýylyň 6–8-nji noýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde sambo boýunça 50-nji dünýä çempionaty geçirildi. Abraýly ýaryşa dünýäniň 101 döwletinden 508 türgen gatnaşyp, bu çempionat söweş sungatlarynyň dünýäsinde giň gerimli sport wakasyna öwrüldi.

50 kilograma çenli agram derejesinde söweş sambosy boýunça çykyş eden talybymyz ýokary sport taýýarlygyny, tutanýerliligini we ýeňşe bolan erk-islegini görkezdi. Baýrakly orunlar ugrunda geçirilen dartgynly bäsleşikde Gurbanaý Ukrainanyň wekili Ýuliýa Zasulskaýany 10:1 hasabynda möhletinden öň ýeňip, ýaryşyň netijeleri boýunça hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Bu medal ýaş türgeniň sport ýolundaky nobatdaky möhüm üstünligi boldy. Gurbanaý 2026-njy ýylyň aprel aýynda Ýerewan şäherinde geçirilen sambo boýunça dünýä Kubogynda kümüş medala mynasyp bolupdy. Indi bolsa ol sport üstünlikleriniň üstüni dünýä çempionatynyň bürünç medaly bilen ýetirdi.

Gurbanaý Gurbanowanyň üstünligi institutymyzyň ähli işgärleri we talyplary üçin uly buýsançdyr. Onuň gazanan netijesi maksada okgunlylygyň, yhlasly zähmetiň we kämillige ymtylmagyň Türkmenistanyň ýaşlaryna diňe bir bilimde däl, eýsem sportda hem ýokary sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň agzybir topary Gurbanaý Gurbanowany gazanan mynasyp baýragy bilen tüýs ýürekden gutlaýar we oňa berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, täze sport üstünliklerini hem-de halkara ýaryşlarynda uly ýeňişleri arzuw edýär!


TDBGI