Kuraş ýaryşynda ýeňiş: Pälwan Rüstemow Lebap welaýatynyň kubogynda 1-nji orunda!

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, Kuraş göreşini mundan beýläk has-da ösdürmek, türgenleri Watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň düzgünnamalary esasynda, 2026-njy ýylyň 5–6-njy noýabry aralygynda sportuň Kuraş görnüşi boýunça erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda Lebap welaýatynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryş Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde guraldy.

Bu ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň «Ýyllylyk gaz üpjünçiligi we howa çalşygy» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Rüstemow Pälwan ussatlyk bilen çykyş edip, Kuraşdan 1-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijä medal we Hormat haty gowşuryldy.

Pälwan Rüstemow sport klubynyň başlygy Maksat Orazowyň tälimi astynda yzygiderli türgenleşip, ýaryşa ýokary taýýarlyk bilen gatnaşdy. Onuň gazanan ýeňşi ýaşlarymyzyň sport bilen yzygiderli meşgullanmagynyň, Watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginiň we milli göreşimiz Kuraşyň has-da ösmeginiň aýdyň mysalydyr.

Institutyň mugallym-professorlar topary we talyplar Pälwan Rüstemowy gazanan ýeňşi bilen gutlap, oňa mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw edýärler.

Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge, ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli we Watansöýüji ruhly bolup ýetişmegine uly ähmiýet berýän, türgenler üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň ruhlandyryjy syýasaty bilen türgenlerimiz geljekde-de ýokary sport sepgitlerini ýeňip, Watanymyzyň abraýyny dünýä ýaýmaga goşant goşarlar. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sport ugrundaky üstünliklerimiz mundan beýläk-de artsyn!