XVI UNIWERSIADADA TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYMYZYŇ TALYPLARY BAÝRAKLY ORUNLARA MYNASYP BOLDULAR

2026-njy ýylyň 7-14-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XVI Uniwersiadanyň maksatnamasynyň çäklerinde sportuň şaşka, milli düzzüm we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.


TDBGI


Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň arasynda sport hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de zehinli türgenleri ýüze çykarmaga gönükdirilen bu ýaryşlarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp türgenleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Şaşka boýunça ýaryşlarda: institutymyzyň talyplary Jumaýewa Gülnar, Jumaýewa Elnara we Durdymyradowa Gülälek II orna, Muzaffarow Joşgun, Rustamow Ilmurat hem-de Myradow Berdimuhammet III orna mynasyp boldular.

Milli düzzüm boýunça: geçirilen bäsleşiklerde Arazowa Ýazgül, Myratgulyýewa Sanjana we Jumaýewa Gülnar II orny eýelediler. Myradow Berdimuhammet, Muzaffarow Joşgun hem-de Baýrammyradow Nurýagdy bolsa III orna mynasyp boldular.

Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça: toparlaýyn ýaryşlarda institutymyzyň ýygyndy toparynyň agzalary Şewesow Matweý, Geldiýew Berdi we Mätiýew Serdar üstünlikli çykyş edip, I orny eýelediler.

Ýaryşlaryň netijeleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp türgenler medallar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Gazanylan bu üstünlikler institutymyzyň talyplarynyň sporta bolan höwesiniň, maksada okgunlylygynyň hem-de dürli sport ýaryşlarynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge bolan ymtylyşynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp türgenlerini gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we olara geljekki sport ýaryşlarynda täze ýeňişleri arzuw edýäris!


TDBGI