Arkadag şäheriniň muzeýinde talyplar üçin göçme okuw sapagy geçirildi
13-11-2026
50
2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň zenanlar guramasy tarapyndan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde talyplar üçin göçme okuw sapagy guraldy.
Sapagyň dowamynda talyplar muzeýiň ekspozisiýalary bilen tanyşdylar. Muzeýiň hünärmenleri olara Gökdepe galasy, Paryzdepe we Nusaý galalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde dürli döwürlerde ýaşap geçen halklaryň taryhy, maddy we ruhy medeniýeti barada gürrüň edildi.
Göçme okuw sapagy talyplaryň «Surat», «Reňkli surat», «Umumy sungat taryhy», «Türkmenistanyň we dünýä binagärliginiň taryhy» dersleri boýunça alan nazary bilimlerini berkitmäge, ýurdumyzyň taryhy we binagärlik mirasy baradaky düşünjelerini giňeltmäge ýardam berdi.
Çäräniň guramaçylary ýaşlaryň bilim almagy hem-de milli medeni mirasymyzy öwrenmegi üçin döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny bildirdiler.