2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisi üstünlikli geçirildi. Bu giň gerimli bilim çäresine ýurdumyzyň 22 sany ýokary we orta hünär okuw mekdebinden jemi 121 talyp gatnaşdy.
Bäsleşigiň dowamynda toparlar STEM, STEAM we STREAM usullary boýunça özleriniň nazary bilimlerini, ylmy-tehniki ukyplaryny hem-de amaly taýýarlyklaryny görkezdiler. Gatnaşyjylar tebigy ylymlar, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlary boýunça döredijilikli çözgütleri işläp düzmekde ýokary ussatlyk hem-de agzybirlikli toparlaýyn işlemek başarnygyny açyp görkezdiler.
Olimpiada bilen ugurdaş guralan STEM sergisi hem gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide talyplar tarapyndan taýýarlanan innowasion taslamalar, tehniki maketler we döwrebap işläp taýýarlamalar görkezilip, «pikirden innowasiýa çenli» ýörelgesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut etdi. Bu meýdança dürli okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň arasynda özara tejribe alyşmaga, täze pikirleri paýlaşmaga we geljekki ylmy gözleglere ruhlanmaga giň mümkinçilik berdi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça eminler topary tarapyndan iň gowy netijeleri hem-de öňdebaryjy taslamalary hödürlän toparlar kesgitlenildi. Geçirilen çäre ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň ylym-bilime, sanly tehnologiýalara we döredijilikli gözleglere bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny ýene bir gezek tassyklady: Bäsleşigiň doly netijeleri bilen şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz!
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramaçylyk topary «STEM olimpiada» innowasion bilim bäsleşigine hem-de STEM sergisine işjeň gatnaşan ähli talyplara, olary taýýarlan halypa mugallymlara, emin agzalaryna hem-de hyzmatdaş okuw mekdeplerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär. Ähli gatnaşyjylara geljekki okuwlarynda, ylmy-döredijilik işlerinde we täze innowasion başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw edýäris!
