Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Kartografiýa» boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan, giň gözýetimli we dünýägaraýyşly, maksada okgunly, watansöýüji, ruhubelent, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şeýle-de halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine talyplaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026–2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň «Geodeziýa» kafedrasynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Kartografiýa» boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi.

Bu ders bäsleşigine ýurdumyzyň 19 ýokary okuw mekdebinden 95 talyp gatnaşyp, olaryň birnäçesi baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Talyplaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň häzirki zaman kompýuterlerden we okuw-tehniki enjamlary bolan interaktiw multimediýa tehnologiýalaryndan kämil baş çykarmagyna hem-de ussat hünärmenleri taýýarlamaga badalga berýär.


Şu salgy boýunça geçip, bäsleşigiň netijeleri bilen tanyşyň.


TDBGI


TDBGI