Ýaşlar – Watanymyzyň geljegi. Olaryň howa diplomatiýasyna we halkara gepleşiklere gyzyklanmasyny artdyrmak, geljekde howanyň üýtgemegine garşy göreşde bilimli, jogapkär we işjeň gatnaşyjylar bolup ýetişmegine ýardam bermek – MCOP2026-nyň esasy maksady. Bilim ugrunda hem bu iş alnyp barylýar: UNICEF-iň milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirýän «Ýaşyl mekdep» maksatnamasy we «Ýaşlaryň howa tomusky mekdebi» ýaşlara howa we ekologiýa meselelerini öwrenmäge, amaly başarnyklary ösdürmäge we öz ideýalaryny hödürlemäge mümkinçilik döredýär. 2026-njy ýylda Türkmenistan Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen bilelikde Sebit ýaşyl mekdep platformasyny goldady. MCOP2026 bu ugry halkara howa diplomatiýasy we köptaraplaýyn gepleşikler babatda dowam etdirýär.

2026-njy ýylyň 25-26-njy noýabrynda halkara ähmiýetli çäreleriň biri hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzda geçirilen «MCOP2026 – Mock COP Türkmenistan: BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (UNFCCC) gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP) ýaşlar simulýasiýasy» atly maslahaty boldy. Iki gün dowam eden bu çärede ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we orta mekdepleriniň okuwçylary dürli ýurtlaryň wekilleri bolup çykyş etdiler, gepleşikler alyp bardylar we ylalaşyga gelmegi öwrendiler. Bu forum diňe bir ýaşlaryň ekologiýa we diplomatiýa ugrundaky bilimlerini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişligindäki «ýaşyl» syýasatynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi. Şu ýylyň 11-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýäniň Antalýa şäherinde BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynda (COP31) öňe süren taryhy başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky mysalyna öwrüldi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda guralan maslahatyň esasy temasy «Howa hereketini çaltlandyrmak: ymtylyşdan amala aşyrmaga» (Accelerating Climate Action: From Ambition to Implementation) diýip atlandyryldy. Maslahatyň dowamynda talyp ýaşlar dürli ýurtlaryň wekilleri hökmünde çykyş edip, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, «ýaşyl» binagärlik we durnukly şähergurluşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça öz tekliplerini we çözgütlerini orta atdylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen «MCOP2026» maslahaty bolsa şu ugurda mynasyp goşant goşmaga bolan ymtylyşdyr. Geljekki binagärleriň, gurluşykçylaryň we hünärmenleriň dünýäniň ekologiýa gün tertibine şeýle işjeň goşulmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durnukly we «ýaşyl» geljeginiň kepilidir.