Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alynyp barylýar. Bu bolsa gatnaşyklary hasda öňe ilerletmekde möhümdir. Dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar.
Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasyna işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Munuň özi birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulan hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ilerledilmegine giň ýol açar.
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa bu sapary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam eder.
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý döwletine sapary dogrusynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary bilen tegelek stolyň başynda gepleşik gurnaldy.
Ilaman Myradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy