Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini durmuşa geçirmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek esasy maksat bolup durýar.
Şu maksat bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň I tapgyry «Fizika» okuw dersinden 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde ýokary derejede geçirildi.
Bu bäsleşikde ýokary netije gazanan mekdep okuwçylary ders bäsleşiginiň II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.



