Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna bagyşlanyp, Binagärlik-gurluşyk fakulteti tarapyndan Zoom platformasynda geçirilýän onlaýn seminarlaryň meýilnamasyna laýyklykda nobatdaky maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu maslahat “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň uly mugallymy Mamagül Täçmyradowanyň “Häzirki zaman talybynyň hünär derejelerini kämilleşdirmekde CorelDRAW programmasynyň orny” atly temasy esasynda alnyp baryldy.
Onlaýn maslahatda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary bilimli, giň gözýetimli we sanly tehnologiýalary erkin peýdalanyp bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek hem-de okuw işine täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, CorelDRAW programmasynyň binagärlik we gurluşyk ugurlarynda ulanylyşynyň aýratynlyklary, grafiki taslamalary taýýarlamakdaky mümkinçilikleri, dizaýn çözgütlerini döretmekde ähmiýeti hem-de talyplaryň hünär taýdan kämilleşmegine ýetirýän oňyn täsiri barada giňişleýin çykyş edildi. Şeýle hem bu programmanyň okuw prosesinde netijeli ulanylmagy talyplaryň amaly başarnyklaryny ýokarlandyrmaga we olaryň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýändigi aýratyn nygtaldy.
Maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary sanly ulgam arkaly işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar çykyşlaryň dowamynda häzirki zaman bilim ulgamynda sanly serişdeleri ulanmagyň ähmiýeti, okuw prosesine innowasion tehnologiýalary girizmegiň artykmaçlyklary hem-de dürli okuw jaýlarynyň arasynda tejribe alyşmagyň ähmiýeti barada öz pikirlerini beýan etdiler. Şeýle-de, sanly okuw gurşawynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly öňde duran wezipeler we mümkinçilikler boýunça hem pikir alyşmalar geçirildi.
Çäräniň ahyrynda şeýle görnüşli ylmy-usuly maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetlidigi bellenilip geçildi. Bu çäre talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň döredijilik hem-de amaly başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem geljekki hünär işlerine taýýarlygyny berkitmäge möhüm goşant goşýar.
