Ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda çykaran 15/56 belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan “Ýokary hünärli bilimi edarasynda ylmy çäreleri geçirmegiň tertibi” esasynda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ylmy-amaly çäreler ýokary derejede geçirilýär.

Şu çäkde, 2026-njy ýylyň ylmy-amaly maslahatlarynyň meýilnamasyna laýyklykda, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň uly mugallymy Orazow Amangeldi tarapyndan “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat ýokary derejede gurnaldy.

Maslahatda çykyşlar ylmy taýdan taýýarlanyldy, dürli meseleler giňişleýin seljerildi hem-de bedewçilik medeniýeti we türkmen taryhy bilen baglanyşykly öňe sürülen teklipler, çözgütler maslahata gatnaşanlaryň ünsüne ýetirildi. Şeýlelikde, maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi we ylmy ulgamda işjeň gatnaşygy üpjün etdi.