Nagyşlardaky syr: Seýit Jemaleddin metjidiniň keramatly sungaty
10-04-2026
22
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Binagärlik kafedrasynyň mugallymlary, talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we okuw tejribesini giňeltmek maksady bilen, Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidini diňe bir ybadathana hökmünde däl, eýsem orta asyr türkmen binagärlik sungatynyň iň gymmatly nusgasy hökmünde öwrenýärler.
Metjidäki “keramatly sungat” onuň her bir kerpijinde, mozaikanyň özboluşly bezeglerinde we inçe detallar bilen bezelen diwar işlerinde jemlenendir. Bu ýer, diňe göze ýakymly bezegler bilen çäklenmän, eýsem taryhy we medeni ähmiýeti bilen-de öwrense boljak binagärlik öwrenişiniň göwnejaý mekanydyr.