“Energiýa tygşytly gurluşyk pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin normatiw-hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribäni öwrenmek” atly okuw seminary geçirildi

Bu okuw seminary BMGÖP (Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy)/GEF taslamasynyň “Türkmenistanda energiýa tygşytly we durnukly gurluşyk pudagyny ösdürmek ugrunda normatiw-hukuk binýadyny kämilleşdirmek arkaly milli kuwwaty ösdürmek” hem-de ÝB-niň SECCA (Merkezi Aziýada durnukly energetika aragatnaşyklary) taslamasynyň çäklerinde guraldy.


TDBGI


Seminaryň esasy maksady — gurluşyk pudagynda energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de bu ugurda halkara tejribäni öwrenmek arkaly normatiw-hukuk binýadyny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Seminara degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleri, taslama guramalarynyň işgärleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar.

Seminaryň dowamynda energiýa tygşytly gurluşyk babatda halkara tejribeler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Hereket edýän normatiw-hukuk resminamalarynyň ýagdaýy seljerildi. Gurluşykda ulanylýan innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti we mümkinçilikleri boýunça çykyşlar diňlenildi. Energiýa tygşytly çözgütleri ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmalar geçirildi.


TDBGI


Seminaryň işine Inžener-mehanika fakultetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar. Olar çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňläp, degişli soraglary berdiler hem-de ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler boýunça giňişleýin sorag-jogap alyşmalaryna gatnaşdylar. Esasan hem energiýa tygşytly gurluşyk, innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy hem-de normatiw-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly meseleler boýunça işjeň pikir alyşmalar geçirildi.

Seminaryň ahyrynda gatnaşyjylar tarapyndan energiýa tygşytly gurluşygy ösdürmek, halkara tejribäni ornaşdyrmak hem-de normatiw-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça degişli teklipler öňe sürüldi. Bu okuw seminaryna işjeň gatnaşanlara Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri tarapyndan sertifikatlar gowşuryldy.