Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Gurban baýramy we Haly baýramy bellenildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrüň – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda eziz Diýarymyz şatlykly, taryhy wakalara baý, toý baýramlaryň mekanyna öwrüldi. Taryhy wakalardan ruhlanyp, şanly seneleri mynasyp dabaralandyrýan mähriban halkymyz ýene bir şanly baýramy – Gurban baýramyny garşy alýar. Köpasyrlyk däplerimize eýerip, bu mukaddes baýramçylyga bagyşlap ýurdumyzyň ähli şäherdir obalarynda baý mazmunly, köpöwüşgünli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. 2026-njy ýylyň maý aýynyň 15-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurdumyzda bellenilip geçilýän gurban baýramy hem-de haly baýramy mynasybetli “Halkymyzyň buýsanjy – türkmen milli mirasy” ady bilen türkmen milli el işleriniň, tagamlarynyň sergisi we  aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.


TDBGI


Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda kümüş saçly enelerimiz we talyp gyzlarymyz Gurban baýramynyň we türkmen halysynyň ähmiýeti barada gyzykly gürrüňleriň üsti bilen giňişleýin beýan etdiler. Gurban baýramy mynasybetli institutyň zenanlar guramalarynyň gurnamagynda milli tagamlaryň dürli görnüşleriniň sergisi gurnalady. Dabarada institutyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, halkymyzyň döreden milli mirasyny wasp edýän birnäçe aýdym- sazlaryň ýerine ýetilmegi baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. 


TDBGI


Gurban baýramy külli musulman halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň müňýyllyklarynyň dowamynda nesillerden-nesillere geçirip gelýän, aýratyn sarpalanýan, mukaddes baýramlaryň biridir. Gurban baýramy ozaly bilen, maşgala baýramy, onda her öýde gurbanlyklar edilip, datly tagamlar taýýarlanylýar. Bu hoşmeýilliliginiň we mähribanlygyň baýramy, adamlary birleşdirýän baýram. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny , ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar.


TDBGI


“Ene-mamalarymyzyň asylly ýörelgeleri çaga dünýä inen ilkinji günlerinden başlaýar. Esasan-da gyz çagalaryna beren ündewleri üýtgeşik bolupdyr. Gyzjagazlara ilki bilen el işini öwredipdirler. Olara keşdeler, köjümeler, ulalyp başlanlarynda bolsa haly dokamagy öwredipdirler. Türkmen halkynyň halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr”.


TDBGI


Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda başga-da çylyş eden  mugallymlar we talyp gyzlar  milli mirasymyzyň diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem dünýä ýüzüne tanatmakda alyp barýan asylly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkdagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdyp,  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


Gurbangözel Gulamowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Zenanlar guramasynyň başlygy