Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Azerbaýjan Respublikasynyň wekilleri umumy okuw sapagyny geçirdi

2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputaty Hikmet Mämmedow, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Sungat we Binagärlik institutynyň bölüminiň müdiri, professor Rahibe Aliýewa, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Nizamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň ylmy kätibi, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Aýgün Bagyrly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlaryna Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Sungat we binagärlik institutynyň alyp barýan ylmy-barlag we taslama işleri we tejribeleri, şeýle-hem, Azerbaýjan binagäri Ajomi Nahçywanyň binagärlik döredijiligi barada umumy okuw sapagyny geçirdi. Bu umumy okuw sapagyna 200-den gowrak talyp-ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly Azerbaýjanyň Prezidentiniň Karary bilen 2026-njy ýylda görnükli Azerbaýjan binagäri Ajomi Nahçywanyň 900 ýyllyk ýubileýi, şeýle hem 2026-njy ýylda XX asyr azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili, Azerbaýjanyň ilkinji halk şahyry Samod Wurgunyň 120 ýyllyk ýubileýi bellenilýär.


TDBGI


Umumy okuw sapagynyň dowamynda azerbaýjanly myhmanlar talyplara we mugallymlara häzirki zaman binagärlik çözgütleri, sanly innowasiýalar, gurluşyk materiallarynyň täze görnüşleri we şäher gurluşygynda ulanylýan kämil inženerçilik usullary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Aýratyn hem, häzirki zaman innowasion gurluşyk işleriniň we täzeçil binagärlik çözgütleriniň esasy ugurlaryna kybap gelýän “akylly şäher” tehnologiýalarynyň we durnukly binagärligiň ornaşdyrylyşy baradaky maglumatlar diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi.


TDBGI


Umumy okuw sapagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary we professor-mugallymlary özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler hem-de myhmanlar bilen gyzykly sorag-jogap alşyldy. Duşuşygyň jeminde şeýle halkara çäreleriniň we akademiki hereketlilik maksatnamalarynyň yzygiderli geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky dostlukly gatnaşyklary we ylmy taýýarlyk işlerini mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly goşant goşjakdygy ynamly bellenildi.


TDBGI


Myhmanlaryň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna gelmegi mynasybetli institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergisi gurnaldy. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar. Olaryň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan we Aşgabat şäherinde gurulmaga teklip edilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyry ýokary depginde alnyp barylýar.

Institutda ekologiýa we tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, ýaşyl energetika, innowasion himiýa tehnologiýalary, bäsleşige ukyply täze kompozitli gurluşyk materiallary we önümleri öndürmek, innowasion gurluşyk, häzirki zaman binagärlik, kibernetika we maglumat tehnologiýalary ýaly ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça önümçilikleriň wajyp meselelerini çözmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işlerini alnyp barylýar.


Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy