2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Malaýziýanyň Tenaga milli (Uniten) uniwersitetiniň wekilleri, ýagny Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň (UNITEN) rektory Professor Ir. Dr. Khairul Salleh Mohamed Sahari we Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň (UNITEN) prorektorlary professor Ir. Dr. Izham bin Datuk Zainal Abidin hem-de professor Dr. Abdul Aziz Bin Mat Isa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda myhmançylykda boldular.

Ilki bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň (UNITEN) arasynda “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň (Malaýziýa) arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşygyna” gol çekmek dabarasy boldy. Soňra Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň (UNITEN) arasynda “Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň (Malaýziýa) arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşygyna” gol çekmek dabarasy boldy.

Ylalaşyk, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň aralaryndaky 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda baglaşylan, özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda düzülip, talyp alyş-çalşygynyň we mobillik maksatnamasynyň jikme-jik şertlerini kesgitleýär. Bu Ylalaşyk maksatnamanyň dowamlylygyny, talyplaryň sanyny, maliýe şertlerini, akademiki kreditleri we beýleki degişli maddalary kesgitleýär hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersiteti (UNITEN) diňe bir Malaýziýada däl, eýsem, bütin Günorta-Gündogar Aziýa sebitinde energetika, inženerçilik we maglumat tehnologiýalary boýunça iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanýar. Bu uniwersitet Malaýziýanyň ykdysady we senagat taýdan ösüşiniň möhüm hereketlendirijisi hökmünde çykyş edýär. Tehniki ylymlar, energetika howpsuzlygy we innowasion tehnologiýalar boýunça dünýä derejesindäki ylmy-barlag ojaklarynyň biri hökmünde, Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersiteti (UNITEN) köp sanly halkara taslamalaryň we ylmy barlaglaryň merkezine öwrüldi.

Myhmanlar bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar diňe bir talyp alyş-çalşygy bilen çäklenmän, eýsem ikitaraplaýyn akademiki hyzmatdaşlygy täze sepgitlere ýetirjek birnäçe strategik ugurlary maslahatlaşdylar. Ilki bilen, maslahatda taraplaryň arasynda iki diplomlylyk (Double Degree) maksatnamasyny ýola goýmagyň geljegi uly bolan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň wekilleri tarapyndan bu maksatnama üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy hem-de olary taýýarlamagyň yzygiderliligi barada giňişleýin maglumat berildi. Şunda myhmanlar UNITEN-iň bu ugurdaky halkara tejribesini mysal getirip, häzirki wagtda degişli ulgamy Indoneziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen üstünlikli amala aşyrýandyklaryny bellediler.
Duşuşygyň jeminde şeýle halkara çäreleriniň we akademiki mobillik maksatnamalarynyň yzygiderli geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky dostlukly gatnaşyklary we ylmy taýýarlyk işlerini mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly goşant goşjakdygy ynamly bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygyny bildirdiler! Olar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň hemişe dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli we halkara ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy