TÄZE ÜSTÜNLIKLER: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Aziýa we Okeaniýa çempionatynda sambo boýunça kümüş medala eýe boldy
30-06-2026
41
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 27-28-i aralygynda Filippin döwletiniň Manila şäherinde sportuň Sambo boýunça geçirilen “2026 Asia Oceania Sambo Championships” atly turnir ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Baýramow Babamurat çykyş edip baýrakly II orna kümüş medala mynasyp boldy.
Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy.
Babamurat Baýramowa geljekde hem sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.