Türkmen pälwany 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy
07-07-2026
37
Erkin göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy Döwletgeldi Myradow 2026-njy ýylyň 4–5-nji iýulynda Taýlandyň Pattaýýa şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda (U20 Asian Wrestling Championships)altyn medal gazandy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby bolup durýan türkmen türgeni ajaýyp taýýarlyk görkezdi we 92 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Ýaryş Birleşen göreş dünýäsiniň (UWW) howandarlygynda geçirildi.