“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 5 ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institunyň Demokratik partiýasynyň gurnamagynda 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 23-ne geçirilen “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň – çözgütleri: Halk Maslahaty – döwletli ösüşleriň batly gadamlary” atly maslahat geçirildi.

Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, durmuşa geçirmek boýunça işleri ýylyň-ýyly geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatlarynyň mejlislerinde aýdyň görmek bolýar. Halkymyzda maslahatlaşmak, geňeşmek bilen bagly ajaýyp nakyllar biziň günlerimize gelip ýetip, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda “Maslahat bilen atylan daş uzak gider ”, “Maslahat bilen tutulan toý dargamaz”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” ýaly nakyllar öz beýanyny tapypdyr.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Ilaman Myradow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Demokratik partiýasynyň başlygy