Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň uly üstünligi

2026-njy ýylyň 9–10-njy oktýabrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda sportuň taýboks we uşu görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň Amaly geodeziýa hünäriniň talyplary üstünlikli gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandylar. Olaryň arasynda:

  • Goçgulyýew Dörtguly (4-nji ýyl talyby) — sportuň taýboks görnüşi boýunça 91+ kg agram derejesinde we uşu görnüşi boýunça 100+ kg agram derejesinde I orunlara;
  • Saparow Dawut (1-nji ýyl talyby) — sportuň taýboks görnüşi boýunça 51 kg agram derejesinde hem-de uşu görnüşi boýunça 48 kg agram derejesinde I orunlara mynasyp boldular.

Ýaryşlaryň netijeleri boýunça talyplarymyz Hormat hatlary, medallar we kuboklar bilen sylaglandylar. Talyp ýaşlarymyzyň gazanan bu ýeňişleri olaryň sporta bolan yhlasynyň, tutanýerli zähmetiniň we ýokary taýýarlygynyň aýdyň netijesidir. Bu üstünlikler institutymyzyň sport abraýynyň has-da ýokarlanmagyna mynasyp goşant bolup durýar.