Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Geodeziýada GPS we GLONASS tehnologiýalary” atly ylmy-okuw maslahaty geçirildi.
06-11-2026
18
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Geodeziýa” kafedrasynyň uly mugallymy Narbaý Özbekow tarapyndan “Geodeziýada GPS we GLONASS tehnologiýalary” atly onlaýn ylmy-okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdy. Onlaýn duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň wekilleri özara tejribe alyşdylar.
Çykyşda GPS serişdesiniň kömegi dürli derejeli takyklykdaky geodeziki torlaryny döretmekde, geofiziki, gidrografiki surata almada, şeýle hem geologiki gözleg işlerini geçirmekde, geografiki maglumat ulgamyny döretmek üçin kartografiki, statistiki we kosmos materiallarynyň ulanylyşy, obýektler baradaky maglumatlary ýygnamak, saklamak, gözlemek we işlemek üçin niýetlenen serişdeleri öwrenmek bellenip geçildi.