31-10-2026
45
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, zehinli talyplary ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň, magistrleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň, kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dabaraly bellenilýän gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Halkara ylmy-amala maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Sergiler we okuw önümçilik merkezinde gurnalan sergi bilen tanyşdylar. Bu sergide institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergi hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri gurnaldy. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar. Institutyň professor-mugallymlary tarapyndan hödürlenen taslamalaryň hatarynda paýtagtymyz Aşgabady we welaýatlary abadanlaşdyrmak, dynç alyş we seýilgäh zolaklaryny, ýaşaýyş toplumlaryny, jemgyýetçilik binalaryň dizaýnlaryny döretmek boýunça işler bar. Olaryň aýdyň mysaly hökmünde Aşgabat şäherindäki “Alaw”, “Dowamat”, “Abadançylyk” binalarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gulluk akademiýasynyň binalar toplumynyň, “Arkadag Medisina klasteriniň” birinji tapgyrynyň binalarynyň, “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň, “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň”, Halkara türkmen alabaý itleri assosasiýasynyň toplumynyň we Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň “Halkara türkmen alabaý itleri assosasiýasynyň toplumy” girelgesiniň şekil taslamalaryny belläp geçmek bolar. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan döredilen döwrebap taslama işleriniň birnäçesi durmuşa geçirildi.
Zehinli ýaş binagärleriň gaýtalanmajak pikirlerini we oýlap tapyşlaryny açyp görkezýän bu işler Watanymyzyň geljegine, şäherdir obalaryň mundan beýläkgi ösüşine täzeçil garamaga iterýär. Serginiň özüne çekiji giňişligi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory diýen belent adyň eýesi bolan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli şähergurluşyk syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylyşyny aýdyň şöhlelendirdi.
Institutda ekologiýa we tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmiki, maglumat we maglumat tehnologiýalary ýaly ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça önümçilikleriň wajyp meselelerini çözmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Maslahatyň baş maksady ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek hem-de tejribe alyşmakdan ybarat.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1000 orunlyk uly mejlisler zalynda geçirilip, bu maslahata 18 sany daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, doktorantlary hem-de ylmy edaralarynyň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilen “Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna jemi 18 sany daşary ýurt döwletlerinden, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Çernogoriýa Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Günorta Koreýanyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň (şol sanda Tatarystan Respublikasynyň), Täjigistan Respublikasynyň, ýagny daşary ýurtlaryň 10 sany ýokary okuw mekdeplerinden we 9 sany halkara guramalaryndan, jemi 34 wekiller hem-de Türkmenistanyň 24 sany ýokary okuw mekdeplerinden, 6 sany edaralardan we ylmy-barlag institutlaryndan, jemi 277 wekiller gatnaşdylar.
Türkmenistandan we 18 sany daşary ýurt döwletinden 40 sany ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralardan hem-de 9 sany halkara guramalaryndan, jemi 311 sany wekiller gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş eden daşary ýurtly alymlar çykyşlarynda öz halklarynyň binagärlik sungatynyň däp-dessurlary we aýratynlyklary, dünýä döwletlerinde işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman gurluşyk innowasiýalary, täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalary barada gürrüň berdiler. Amatly şäher gurşawyny, tebigat gözelligi bilen utgaşýan dizaýny kemala getirmek hem-de binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlary bilen baglanyşykly bolan maslahatlaşmalaryň dowamynda orta atylan meseleler uly gyzyklanma eýe boldy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinden soňra maslahatyň işi 4 sany bölümlerde dowam etdirildi. Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Mejlisler zaly binasynyň Uly mejlisler zalynda (1000 orunlyk) sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatynyň ýapylyş dabarasyny hem geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşan professor-mugallymlar we talyplar öz çykyşlarynda häzirki zaman ylmynyň wajyp meselelerine, aýratyn-da sanly ykdysadyýetiň we tehnologiýalaryň binagärlik hem-de gurluşyk pudagyndaky ähmiýetine uly üns berdiler. Aýratyn-da, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, “akylly” şäher konsepsiýalary we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar baradaky täze ylmy garaýyşlar maslahatyň esasy mowzuklary boldy.
Häzirki döwürde eziz Watanymyzda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Ata-babalarymyzdan miras galan, milli binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze, nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi. Bu bolsa Türkmenistanyň ylym syýasatynyň dünýä derejesindäki ösüşler bilen sazlaşykly ösýändigini görkezýär.
“Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar şeýle uly üstünlikleriň, binagärlik sungatynyň başynda duran Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagyny ösdürmekde dünýä nusgalyk işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli, ýurt we halkara ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Amanmyrat Kakaýewiç Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy
Hemmesi