Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hormatly talyplary!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Elektrotehnika” dersinden ders bäsleşigini geçirýändigini yglan edýär. “Elektrotehnika” dersinden geçiriljek bu ders bäsleşigi talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek, çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.

Esasy wezipe talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmekdir.

Esasy maglumatlar:

  • Geçirilýän senesi: 2026-njy ýylyň 26-njy noýabry.
  • Görnüşi: şahsy, zoom programmasy arkaly
  • Mesele sany: 10 mesele
  • Ýerine ýetirmek üçin wagt: 120 minut

Bäsleşige hasaba almagyň iň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 19-njy noýabryna çenli dowam edýär. tdbgielektrotehnika@gmail.com e-poçta salgysyna, maglumatlaryňyzy ugradyp bilersiňiz. Ähli hünärlerde okaýan talyplaryň bu bäsleşige gatnaşmaga mümkinçiligi bardyr.

Inženerçilik ylymlary ugry boýunça öz intellektual ukyp-başarnygyňyzy subut etmäge gyssaňyň! Elektrotehnika boýunça geçirilýän Olimpiada — nazary taýdan taýýarlygyňyzyň ýokary derejesini görkezmek, abraýly baýrakly orunlara mynasyp bolmak we ýurdumyzyň geljekki inženerçilik jemgyýetçiliginde öňdebaryjy ornanyzy berkitmek üçin üýtgeşik mümkinçilikdir. Gatnaşmagyň jikme-jik şertleri we talaplary Olimpiadanyň Düzgünnamasynda görkezilendir. Öz döredijilik ukybyňyzy açyň, akademiki hünär derejäňizi subut ediň we ykrar ediljek hünär belentliklerine tarap ynamly ädim ädiň!


 “Elektrotehnika” dersinden ders bäsleşigini geçirmek baradaky Düzgünnama bilen tanyşmak üçin salgylanma boýunça geçiň