“STEM olimpiada” atly innowasion bilim bäsleşigini hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda “STEM olimpiada” atly innowasion bilim bäsleşigi hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisi 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryň hasaba alnyşygy 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 15-ine çenli dowam edýär. Toparyň sanawyny Düzgünnama goşulan 1-nji goşunda laýyklykda tdbgistem2026@gmail.com elektron salgysyna 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 15-ine çenli ugratmaly.

Her ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden STEM, STEAM, STREAM usullarynyň haýsy hem bolsa bir usuly boýunça 1 toparyň gatnaşmagyna hukuk berilýär.


STEM olimpiadasyny geçirmek baradaky Düzgünnama bilen tanyşmak üçin salgylanma boýunça geçiň