Hormatly kärdeşler!
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda tejribeli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, ylmy we ylmy-barlag guramalarynyň işgärlerini, inženerleri hem-de ylmy-tehniki jemgyýetçiligiň hünärmenlerini Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumlarynyň işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçiriljek “Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion-tehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Ylmy-amaly maslahatyň iş dilleri: türkmen, rus we iňlis.
Maslahatyň maksady – ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek hem-de tejribe alyşmak bolup durýar.
Maslahatda çykyş etmek üçin hödürlenýän mowzuklar aşakdaky ugurlary öz içine alýar:
Maslahata gatnaşmak isleýän alymlardan, inžener-hünärmenlerden we ylmy-tehniki jemgyýetçiligiň wekillerinden öz çykyşlaryny we degişli resminamalary bildirilýän talaplara laýyklykda tabşyrmak haýyş edilýär.
“Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion-tehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň
Ş E R T L E R I
Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän
T A L A P L A R
Habarlaşmak üçin: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
Tel.: (+99365) 02-97-86; (+99365) 50-67-58; (+99312) 39-91-33;
(+99312) 39-91-06;
Faks: (+99312) 39-91-91;
Elektron poçta: ylym.tdbgii@gmail.com.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänlere, öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2026-njy ýylyň 14-nji oktýabryna çenli ibermeklerini haýyş edýäris.
Guramaçylyk topary