Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda “Algoritm we programma üpjünçiligi” Hakaton bäsleşigi 2026-njy ýylyň 30-nji noýabrynda online görnüşinde geçirilýär.
“Algoritm we programma üpjünçiligi” Hakaton bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2026-njy ýylyň 10-nji noýabryna çenli 1-nji goşunda laýyklykda sedahojayev06@gmail.com elektron salgysynda hasaba alynýar.
“Algoritm we programma üpjünçiligi” Hakaton bäsleşigine 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.
Sizi bu giň göwrümli tehnologik çäräniň bir bölegi bolmaga hem-de ýurdumyzyň sanlylaşdyrylmagyna öz goşandyňyzy goşmaga çykarýarys! Öz intellektual mümkinçilikleriňizi amala aşyryň, geljegi uly programma üpjünçiligini işläp taýýarlaň we abraýly baýrakly orunlar ugrunda bäsleşiň. Hakatona gatnaşmak — ýokary hünär taýýarlygyňyzy görkezmek, bilermenleriň bahasyny almak hem-de ylmy we IT-jemgyýetçiliginde öz ornanyzy berkitmek üçin üýtgeşik mümkinçilikdir. 10-njy noýabra çenli hasaba alynmagy başaryň we öz ukyplaryňyzy subut ediň!