Magtymguly Pyragynyň halkyň ýadynda saklanmagy
we onuň mirasynyň dowamlylygy
20-10-2025
628
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň geçirilmeli ylmy – amaly maslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Mikroelektronika we ölçeg tehnikasy” kafedrasynyň mugallymy Kulyýewa Bagty Atabaýewna B-405-nji okuw otagynda “Magtymguly Pyragynyň halkyň ýadynda saklanmagy we onuň mirasynyň dowamlylygy” atly ylmy maslahaty geçirildi. Mugallym ylmy maslahatda Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi we öwüt-nesihat goşgulary barada aýdyp geçdi.