Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyplaryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurluşygy alnyp barylýan binalar toplumyna göçme okuw sapagy gurnaldy
29-04-2026
798
Talyplaryň nazarýetde alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp geçmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmen döwlet-binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda gurluşygy alynyp barylýan institutyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagy geçirildi. Talyplar täze binalar toplumynda uly depgin bilen alynyp barylýan gurluşyk işleri bilen giňişleýin tanyş boldular. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhananyň degişli hünärmenleri bilen özara pikir alyşdylar.