Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, talyp ýaşlaryň bilimini has-da çuňlaşdyrmak, olarda bilime we ylma bolan höwesi artdyrmak, özbaşdak işlemek ukyplaryny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlarda degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2026-njy ýylyň 18-nji martynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Materiallaryň garşylygy” dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi.
Halkara olimpiadasy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi M. Babaýewiň gutlag sözi bilen açyldy.

Internet olimpiadasyna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstraliýadan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Rumyniýadan, Malaýziýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyzstan Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Uganda döwletinden, Pakistan Yslam Respublikasyndan hem-de ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinden jemi 877 sany talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi zehinli talyplaryň ders we taslama bäsleşiklerine köpçülikleýin gatnaşmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.
Bilim almaga höwesiň, ylma bolan söýginiň netijesinde talyp ýaşlarymyz döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, eziz Watanymyzyň abraýyny belende göterýärler. Bu üstünlikler, Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmek baradaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir.
“Materiallaryň garşylygy” dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasynyň geçirilmegi tejribe alyşmakda, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we onuň gerimini giňeltmekde netijeli boldy.
Geçirilen olimpiada daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary emin agzalary hökmünde gatnaşdylar.
“Materiallaryň garşylygy” dersinden V Açyk halkara Internet olimpiadasy bir tapgyrda geçirildi. Gatnaşyjylara derse degişli 6 sany mesele hödürlenildi we olary çözmek üçin jemi 120 minut wagt berildi.