Bilim edaralarynyň hyzmatdaşlygy

Hormatly Prezidentimiziň: “Ýurdumyzyň mekdeplerinde okuwçylaryň ukyplaryny we zehinlerini nazara almak bilen, hünäre ugrukdyrmak meselesine aýratyn üns bermeli” diýip beren tabşyrygyny durmuşa geçirmek bilen, “Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky  77 belgili buýrugyna esaslanyp, 2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan geçirilen “Reňklerde janlanan bedewler” atly sergisine Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji we 116-njy orta mekdepleriniň bilime bolan höwesjeň okuwçylary gatnaşdy. Bu sergi olarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy. Bu wakada okuwçylaryň döredijiligi we zehinleri öz keşbini tapyp, olar üçin ýatdan çykmajak, täsirli pursatlar bilen ýat galdy.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI