Türkmen döwlet  binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetinde “Nowruz geldi ülkäme” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp gyzlaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 14-nji martynda “Nowruz geldi ülkäme” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. 


TDBGI


Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp,bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrüldi. Nowruz baýramynda gelin-gyzlarymyzyň halk döredijiligimiziň nusgawy görnüşleri bolan monjugatdylary, läleleri, öleňleri, aýdyşyklary, hüwdüleri,gazallary ýerine ýetirmekleri, milli lybaslaryň, oba hojalyk önümleriniň sergileriniň guralmagy, dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullarynyň görkezilmegi gadymdan gelýän medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde, ýaş nesilleri watançylyk,millilik,belent ahlaklylyk we lebzihalallyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle ajaýyp ýörelgelerimiziň bahar baýramynda dabaralanmagy raýatlarymyzy belent maksatly tutumly işlere ruhlandyrýar. Nowruz baýramynyň alyslara ýaň salýan şatlyk-şagalaň, şowhuny buýsançly kalplarymyza bahar joşguny, ýaz ýakymy bolup dolýar.

Maslahatda dowamynda fakultetiň mugallymlary Türkmen halkynyň Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, baýramçylygynyň aýratynlyklary barada aýdyp geçdiler.