Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda, “Ak şäherimiz Aşgabat – binagärligiň rekordlar şäheri” atly okuw seminary geçirildi

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine, meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen,  Ak şäherim Aşgabat gününe bagyşlap, 2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda, “Ak şäherimiz Aşgabat – binagärligiň rekordlar şäheri” atly okuw seminary geçirildi.

Bu seminarda çykyş eden mugallymlar we meýletinçi talyplar Ak şäherimiz Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp binalary barada giňişleýin söhbet etdiler. Ak şäherimiz Aşgabadyň halkara derejede geçirilýän medeni we jemgyýetçilik dabaralaryň merkezidigi, ýagny bu şäher – dost-doganlyk mekanydygy dogrusynda rus we iňlis dillerinde çykyşlar edildi. Institutymyzyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Berdiýewa Orazgülüň ýerine ýetiren “Aşgabat şäheri – gözelligiň şäheri” ady bilen öz düzen 144 bentden ybarat goşgusy bu okuw seminaryna gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

 

Kümüş Allabaýewa,

 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

 “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy,

 Meýletinçiler merkeziniň başlygy