“SPORT - SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK” ATLY ÇÄRE GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 3-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli halkara we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürli okuw dersleri boýunça geçirilen döwlet bäsleşiklerine we halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp baýrakly orunlary alan göreldeli talyplary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen “Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV uniwersiýadanyň düzüminde ýaryşa gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolan institutyň talyp türgenlerini we olary bu bäsleşiklere taýýarlan professor-mugallymlary we tälimçileri institutyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormat hatlary hem-de Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, halkara bäsleşiklerine we olimpiadalaryna gatnaşmagy üçin giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar.

 

Orazow Maksat,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Talyplar sport klubynyň başlygy, Türkmenistanyň sport ussady