Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen onlaýn okuw sapagy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan 2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda “Stresi dolandyrmak” atly geçirilen onlaýn okuw sapagyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Geçirilen okuw sapagynyň dowamynda çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen, ýokanç we möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin arassaçylyk-päkizelik işlerini öz wagtynda we talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýtdy. Ol bilim-terbiýeçilik edaralarynyň her bir basgançagy boýunça köpçülikleýin häsiýetde arassaçylyk-gigiýenanyň talaplaryna laýyklykda işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, her bir adamyň şahsy päkizeligi saklamakda öňde durýan meseleler barada belläp geçdi. Şahsy päkizeligi saklamakda her bir adamyň ýerine ýetiriş düzgünleriniň berjaý edilmelidigini aýtdy.

Okuw sapagyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.