Il saglygy-ýurt baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetimiziň saglygy barada yzygiderli alada edilýär.

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Aşgabat şäher talyplar saglyk öýüniň lukmanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýiti ýokanç keselleriň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda möwsümleýin ýüze çykýan keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak we zyýanly endikleriň ýaş bedene ýetirýän zyýanlary, talyplaryň arasynda ehinokokkozyň epidemiologiýasy, etiologiýasy, geçiş ýollary, bursulýoz, AIDS keselleriniň hem-de guduzlama keselleriniň öňüni alyş çäreleri, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça Aşgabat şäher talyplar saglyk öýüniň lukmanlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


TDBGI_RGF


Wagyz nesihat çäresiniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatynda ýurdumyzda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy.