Okuw sapaklaryny ýokary derejede okatmagyň STEM bilen baglanyşygy

Maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen, sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň  mugallymlary, işgärleri we jogapkär hünärmenleriň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 19-na Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň "Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary" kafedrasynyň mugallymy Tyllagözel Nurmyradowanyň "Okuw sapaklaryny ýokary derejede okatmagyň STEM bilen baglanyşygy" atly tema bilen sanly ulgam arkaly  çykyş etdi.

Şeýle hem, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ylym-bilim pudagynyň sazlaşykly ösmegine, akademiki gatnaşyklary berkitmäge we okuw maksatnamalarynyň özara baýlaşmagyna ýardam berýändigi bellendi. Şeýle hyzmatdaşlyklar ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna we hünär taýdan kämilleşmegine giň mümkinçilik döredýär.