Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetine BMG-niň dürli düzümleri tarapyndan berlen sertifikatlar

Bütindünýä bileleşiginiň öňdebaryjy guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) dürli düzümleri tarapyndan 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabr aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetine birnäçe sertifikat gowşuryldy. Bu möhüm resminamalar fakultetiň mugallymlarynyň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga we bilimiň täze ugurlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklaýar.

Alnan sertifikatlar fakultetiň mugallymlarynyň BMG-niň guran möhüm okuw maksatnamalaryna we kurslaryna işjeň gatnaşandygyny görkezýär. Olar ylmy, ykdysady we durmuş ösüşiniň häzirki zaman ýörelgelerini özleşdirmek üçin ýörite döredilen aşakdaky esasy kurslary tamamlady:

 * "Ýaşyl senagat syýasaty – bäsdeşlige ukyplylygy we gurluş üýtgemelerini öňe sürmek" atly okuw maksatnamasy, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini we daşky gurşawa zyýansyz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny öwrenmäge gönükdirilendir.

 * "Amalyýetde durnukly ösüşe giriş" atly kurs bolsa, mugallymlara ählumumy durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň amaly usullaryny we ýollaryny öwretmäge gönükdirilendir.

Bu üstünlikler diňe bir mugallymlarymyzyň şahsy ösüşi bolman, eýsem, tutuş fakultetiň ylym we bilim ulgamyndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. BMG-niň halkara derejesindäki bu ylmy-usulyýet okuwlaryny tamamlamak bilen, olar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň derejesini halkara ölçeglerine laýyk getirmäge uly goşant goşýarlar.

Bu ýagdaý, BMG-niň bilim ulgamynda dünýä derejesinde alyp barýan işlerine milli mugallymlarymyzyň doly goşulyşýandygyny görkezýär. Şeýle tejribe alyşmak, mugallymlarymyzyň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakdan başga-da, olaryň talyp nesillerine dünýäde bolup geçýän täzelikler we global meseleler barada has giňişleýin düşünje bermegine mümkinçilik döredýär.