Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan döwründe nazary okuw sapaklaryny has-da kämilleşdirmekleri üçin önümçilik bilen baglanyşdyrmaklyk, geljekki hünärmenleriň taýýarlygynda möhüm ähmiýete eýedir.
Şol aýratynlyk Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplarynyň täze okuw binasynyň gurluşygynda alnyp barlan okuw-tejribe sapagynda hem aýdyň görünýär.
Insitutymyzyň täze okuw binasynyň gurluşygy diňe bir ýokary derejeli gurluşyk guramalarynyň ýerine ýetirýän işi bilen çäklenmän, şeýle-hem talyplara öz hünärleri boýunça tejribe almaga giň mümkinçilik döredýär. Talyplar gurluşygyň ähli tapgyrlarynda gatnaşyp, gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işleriň tehnologiýasyny, gurluşyk materiallarynyň aýratynlyklaryny, işgärleriň iş tertibi bilen içgin tanyşýarlar.