Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda tejribe okuw sapagy geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň "Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi" kafedrasynyň uly mugallymy Agamyrat Saparowyň ýolbaşçylygynda ýöriteleşdirilen tejribe okuw sapagy guraldy. Sapak "Suw üpjünçiligi we ulanylan suwlary akdyryş hem-de suw gorlaryny goramak" hünäriniň 4-nji ýyl talyplaryna gönükdirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda talyplara suw geçiriji turbalaryň gurluş aýratynlyklary, olaryň önümçilikde we gurluşykda ulanylýan görnüşleri, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri boýunça giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de sapakda nazary bilimler bilen birlikde amaly tejribä esaslanýan öwüt-ündewler we düşündirişler hem giňden beýan edildi.
Tejribe okuwynyň esasy maksady talyplaryň ýörite ugur boýunça hünär taýýarlygyny berkitmek, olaryň amaly başarnyklaryny ösdürmek we geljekki iş tejribesinde peýdalanyp biljek täze bilimler bilen üpjün etmekden ybarat boldy.
Sapaga gatnaşan talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna giňişleýin jogap almak bilen bir hatarda, hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýe bolan täze maglumatlary edinmek mümkinçiliklerine eýe boldular.