Kadaly iýmitlenmek-sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Saglyk” döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýiti ýokanç keselleriň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda möwsümleýin ýüze çykýan keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlary zyýanly endiklerden gorap saklamak we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Aşgabat şäher talyplar saglyk öýüniň lukmanlarynyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Kadaly iýmitlenmek-sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasydyr” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


TDBGI_YGF


Geçirilen wagyz-nesihat çäresine institutda bilim alýan 1-nji ýyl talyp gelin-gyzlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň doktoranty, bölüm müdiri Güjükbaýewa Ýaňyl Haldurdyýewna we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň şepagat uýasy Gymmat Myradowa gykyş edip, talyplaryň sagdyn iýmitlenmekleri barada täsirli gürrüňleri berdiler.


Gurbangözel Gulamowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy