2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetinde “YLMY-TEHNOLOGIKI ÖSÜŞ – GARAŞSYZLYGYŇ ESASLARYNY BERKITMEGIŇ YGTYBARLY BINÝADY” ylmy-amaly maslahatynyñ "Garaşsyzlyk ýyllarynda ylmy-bilim özgertmeleri" atly bòlùmçesi geçirildi.
Maslahata fakultetiň dürli bölümçeleriniň professor-mugallymlary, Injener-mehanika fakultetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çäräniň maksady ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan bilim-bilim ulgamyndaky üstünliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmak we täze pikirleri orta atmakdan ybarat boldy.
Maslahatyň barşynda çykyş eden professor-mugallymlar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary okuw jaýlarynda döredilen mümkinçilikler, ylmy-barlag işleriniň täze ugurlary, gurluşyk we binagärlik ulgamyndaky innowasion usullar barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin halkara tejribäniň öwrenilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Çykyşlarda sanly bilim serişdeleriniň ornaşdyrylmagy, okuw sapaklarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy, şeýle hem ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen ylmy taslamalaryň ähmiýeti giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Talyp ýaşlar hem öz çykyşlarynda Garaşsyzlygyň berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ylma we döredijilige has-da höweslenýändiklerini nygtadylar.
Maslahatyň jemleýji bölüminde professor-mugallymlar şeýle ylmy-amaly duşuşyklaryň bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini, onuň ýaşlary täzeçil pikirlenmäge, innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge ruhlandyrýandygyny bellediler.
Bu maslahat, Garaşsyzlygyň berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzyň ylmy-bilim ulgamynyň ösüş ýolundadygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.