Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynda häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen birlikde, ýokary hünärli inženerleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, hususan-da, Ýol gurluşygy fakultetleriniň talyplarynyň önümçilik tejribesini geçmegi olaryň geljekki hünärinde möhüm ädim bolup durýar.
Şeýle tejribeleriň biri hem ýakynda Aýna zawodynyň çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasynda amala aşyryldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary bu ýerde özleriniň okuw-önümçilik tejribesini geçýärler.
Talyplar tejribeligiň dowamynda çüýşe önümçiliginiň tehnologik tapgyrlaryny, çig malyň taýýarlanylyşyny we arassalanmagyny, hil barlagynyň usullaryny, çüýşe önümçiliginde ulanylýan enjamlarynyň işleýiş prinsiplerini, eritme peçleriniň gurluşy we işleýşi bilen tanyşdylar.
Şeýle önümçilik tejribeleri talyplaryň alan nazary bilimleriniň iş ýüzünde berkleşdirilmegine, täze tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmagyna we geljekde gurluşyk pudagynda has üstünlikli inžener bolmagyna uly mümkinçilik döredýär.