Meýletinçi talyplar bilen Garaşsyzlygyň şanly 34 ýyllygyna bagyşlanan okuw seminary geçirildi

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak, şeýle hem Garaşsyzlygyň şanly 34 ýyllygyny döwlet derejesinde bellemek we onuň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda, institutymyzdan saýlanan 1-nji ýyl meýletinçi talyplary bilen “Garaşsyzlygyň eçilen miweleri. Halkara çärelerinde meýletinçileriň tutýan orny” atly okuw seminary geçirildi.


TDBGI_YGF


Bu okuw seminarynda çykyş eden mugallymlar we meýletinçi talyp ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler dogrusynda, şeýle hem meýletinçi ýaşlaryň halkara çärelerde ýerine ýetirýän wezipeleri barada giňişleýin söhbet etdiler. Meýletinçiler Watanymyzyň taryhyny, däp-dessuryny, medeniýetini, sungatyny, milli baýramçylyklarymyzy daşary ýurt dillerinde öwrenip, ýurdumyza geljek daşary ýurtly myhmanlara giňişleýin beýan etmek bilen, biziň ýurdumyzyň halkara abraýyna uly goşant goşarlar.


TDBGI_YGF


TDBGI_YGF


Kümüş Allabaýewa, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
“Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, 
Meýletinçiler merkeziniň başlygy