2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 13-15-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Sportuň badminton görnüşi boýunça Merkezi Aziýa çempionatyna gatnaşan biziň ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Göteriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Saryýew Billal Akmyradowiç baýrakly III orna mynasyp boldy.
Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrdy. Geljekde Saryýew Billal Akmyradowiçe sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.