2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň gurnamagynda, professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisindäki taryhy çykyşy hem-de 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan uly üstünlikler, amala aşyrylan beýik işler, öňde duran möhüm wezipeler barada, Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan döwletine iş sapary wagtynda, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitindäki taryhy çykyşy, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adynyň dakylmagyna bagyşlanyp “Altyn Asyr Türkmenistan” teleýaýlymy bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Tegelek stol, seslenme duşuşygyna institutyň Çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Amangeldi Orazow, institutyň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy Ogulbagt Orazdurdyýewa, instituyň Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş kafedrasynyň mugallymy Akgül Baýlyýewa hem-de institutyň Tehnologik maşynlar we enjamlar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ahmet Akmuhammedow dagylar gatnaşdylar.
Taýýarlan: Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy