Ýurdumyzda bolup geçýän syýasy täzelikleri halk köpçüligine wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde ýurdumyzyň syýasy täzelikleri dogrusynda Tegelek stol gurnaldy. Bu gepleşikde Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda Hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen belent adyň dakylmagy mynasybetli buýsançly sözler aýdyldy. Ýurdumyzda binagärlik-gurluşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada gürrüň edildi. Şeýle hem Türkmenistan watanymyzyň halkara gatnaşyklary, Hormatly Prezidentimiziň BMG-nyň 80-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşy dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Soňra türkmen halkynyň Milli lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana eden iş sapary barada, ýagny Türki döwletleriň guramasynyň döwlet baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşyp, ol ýerde eden taryhy çykyşynyň many-mazmuny barada beýan etdiler. Çykyş edenler ol ýerde Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüniň tutulmagyna ünsi çekip, türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrdylar. Gepleşige gatnaşanlaryň her biri bagtyýar we asuda durmuşymyz üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.
Bu gepleşik Miras teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Taýarlan: Ilaman Myradow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy