Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 10-njy oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň gurnamagynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarsy boldy.
Halkara forumyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şeýle-de ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň lukmanlarynyň, alymlarynyň, bilim işgärleriniň we sport hünärmenleriniň gatnaşmagynda giň gerimli çäreler geçirildi. Bu çäreler halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga uly itergi berer.
Halkara maslahatyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergi hem görkezildi. Sergä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň, işewürleriň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Sergide saglygy goraýyş ulgamyna degişli enjamlar, gurallar, anyklaýyş tehnologiýalar, kliniki merkezleriň işläp taýýarlamalary, şeýle hem bilim we sport ulgamlarynyň iň täze tehnologiýalary görkezildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan bu Halkara serginiň ýokary okuw mekdebine niýetlenen diwarlyklarynda institutyň gazanan üstünlikleri hödürlenildi. Bu ýerdäki binagärlige degişli taslama işleri arkaly myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylymlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendiriji güýjüdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurluşyk ulgamynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty iň gowy daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmegini, ösen ýurtlarda şäher hojalygyny netijeli guramagyň ýörelgeleriniň seljerilmegini, döwrebap tehnologiýalaryň, şol sanda gün energiýasynyň ulanylmagyny, şeýle hem ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmek nukdaý nazaryndan gurulýan şäher düzüminiň oýlanyşykly guralmagyny göz öňüne tutýar.
“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat 12-nji oktýabra çenli dowam eder.
Türkmen döwlet binagärli-gurluşyk institutynyň
Ylym bölümi.