2025-nji Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynyň 8-njii oktýabrynda türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkiji zenanlar guramasynyň gurnamagynda bereketli türkmen saçagy atly gepleşik ýazgy edildi. Bu geçirilen çärä institutyň mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan türkmen milli tagamlaryndan birnäçesi talyp gyzlar tarapyndan taýýarlanyldy. Ata-babalarymyzdan bize miras galan birnäçe tagamlaryň taýýarlanyş aýratynlyklary, tagam taýarlamak üçin ulanylýan önümleriň peýdasy barada talyp gyzlar we mugallymlar gürrüň berdiler.
Biziň milliligimizi däp dessurlarymyzy gaýtadan dikeltýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan il bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Taýýarlan: Gurbangözel Gulamowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ilkiji zenanlar guramasynyň başlygy