TÜRKMEN HALYSYNYŇ MILLI MUZEÝINE GEZELENÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. 07.10.2025ý senesinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda institutyň  mugallymlary we talyp gyzlary bilen bilelikde Türkmen halysynyň Milli muzeýine gezelenç guraldy. Talyp ýaşlaryň arasynda türkmen halkynyň däp-dessuryny berjaý etmek we milliligimizi gorap saklamak hakynda düşündiriş işlerini sanap geçmek bilen, haly dokalýan gural halk arasynda sebite görä gurama ýa-da dükan diýlip atlandyrylýar. Bize ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiziň häzirki wagtda hem öz gymmatlygyny ýitirmän gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilýän amal haşam sungatymyzy dünýä ýaýmaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň we onuň dowamatyny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.


Taýýarlan: Gurbangözel Gulamowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
Ilkiji zenanlar guramasynyň başlygy